Konferensiýalar we seminarlar

2017-nji ýylyň 12-13-nji iýunynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi.

 “Täze senagar-innowasion tehnologiýalar” atly I bölüm boýunça Halkara nebit we gaz unwersitetinde geçirilen ylmy maslahatda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň işgärleri möwzuklary bilen çykyş etdiler.

Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýylynda gurluşyk ulgamyny ösdürmek

2017-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň mejlisler zalynda “Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýylynda gurluşyk we binagärlik ulgamyny ösdürmek”  atly geçirilen okuw maslahatynda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň “Topraklaryň barlagynyň inžener-geologiki usullary” barlaghanasynyň müdiri Laçyn Aşyrowa “Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýylynda gurluşyk ulgamyny ösdürmek” atly mowzuk bilen Türkmenistan teleýaýlymynda çykyş etdi.

Işjeň hyzmatdaşlygyň aýdyň ýörelgeleri

28.04.2017ý. Türkmenistanyň  Gurluşyk we binägärlik ministrligiň Zenanlar guramasynyň gurnamagynda geçirilen ýygnaga gatnaşyldy. Institutyň “Gurluşyk materiallarynyň häsiýetleriniň barlagy” barlaghanasynyň müdiri Aýjahan Saparowa “Işjeň hyzmatdaşlygyň aýdyň ýörelgeleri” atly mowzuk bilen Türkmenistan we Altyn Asyp teleýaýlymynda çykyş etdi.

Bagtyýarlyk sagdynlykdan başlanýar

27.04.2017ý. Türkmenistanyň  Gurluşyk we binägärlik ministrligiň mejlisler zalynda, Türkmenistanyň  Gurluşyk we binägärlik ministrligiň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde hukuk goraýjy edaralaryň  gatnaşmagynda  ýaşlaryň arasynda  wagyz  nesihat  işleri boýunça ýygnagy geçirildi.

AŞGABAT ŞÄHERINIŇ KÄBIR TOPRAKLARYNYŇ HVSR-SELJERMESINIŇ MAGLUMATLARY BOÝUNÇA SEÝSMIKI HÄSIÝETLERI

Ýusup Çaryýew “Inženerlik seýsmologiýasy” barlaghanasynyň hünärmeni

AŞGABAT ŞÄHERINIŇ KÄBIR TOPRAKLARYNYŇ HVSR-SELJERMESINIŇ MAGLUMATLARY BOÝUNÇA SEÝSMIKI HÄSIÝETLERI

“Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýylynda gurluşyk we binagärlik ulgamyny ösdürmek” atly geçirilen okuw maslahaty

2017-nji ýylyň 29-nji aprelinda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň mejlisler zalynda “Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýylynda gurluşyk we binagärlik ulgamyny ösdürmek”  atly geçirilen okuw maslahatynda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň “Inženerlik seýsmologiýasy” barlaghanasynyň uly laboranty Ýusup Çaryýew “Аşgabat şäheriniň käbir topraklarynyň HVSR-seljermesiniň maglumatlary boýunça seýsmiki häsiýetleri” atly temasy boýunça doklat bilen çykyş etdi.

OLIMPIÝA ŞÄHERJIGI –ŞATLYGYŇ MEKANY

       SAGDYNLYK.

                                RUHUBELENTLIK.

                                                                  DOSTLUK.        

            

               OLIMPIÝA ŞÄHERJIGI –ŞATLYGYŇ MEKANY

 

Ministrlikleriň we pudak edaralaryň 2017-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary geçirmegi hakynda” 14989 belgili kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, “Türkmenawtoýollary

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 4-nji noýabryndaky “Ministrlikleriň we pudak edaralaryň 2017-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary geçirmegi hakynda” 14989 belgili kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2017-nji ýylyň 24-26-njy awgustynda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Türkmengurluşyk-2017” atly halkara sergisi we “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahaty geçirilýär.

2017-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik minisrtliginde “Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýylynda gurluşyk we binagärlik ulgamyny ösdürmek” atly okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatynda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-baglag institutynyň “Jaýlaryň we desgalaryň seýsmika çydamlyk” barlaghanasynyň baş hünärmeni Baýrammyrat Annamyradow Ýaponiýa döwletinde geçin okuw tejribe maslaratynda “Seýsmiki gorag we seýsmiki durnukly tilsimler” atly temasy boýunça çykyş etdi.

Şeýle hem “Gidroizolýasiýa we posa garşy gorag” barlaghanasynyň I-derejeli inženeri Toýmyrat Orazow “Türkmenistanyň gurluşyk desgalarynda üçek we gidroizolýasiýada dürlenýän serişdesiniň ulanylşy we tilsimaty” atly temasy boýunça çykyş etdi.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWREBAP SPORT BINAGÄRLIGINIŇ AJAÝYP NUSGASY

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän «açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy gyşarnyksyz ösýär. «Sport – bu güýjüň, gözelligiň, saglygyň we ruhuň ösüşiň belentliklerine tarap ymtylmasynyň beýanydyr» diýip, döwlet baştutanymyz nygtaýar.

Pages