Konferensiýalar we seminarlar

“Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýylynda gurluşyk we binagärlik ulgamyny ösdürmek” atly geçirilen okuw maslahaty

2017-nji ýylyň 29-nji aprelinda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň mejlisler zalynda “Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýylynda gurluşyk we binagärlik ulgamyny ösdürmek”  atly geçirilen okuw maslahatynda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň “Inženerlik seýsmologiýasy” barlaghanasynyň uly laboranty Ýusup Çaryýew “Аşgabat şäheriniň käbir topraklarynyň HVSR-seljermesiniň maglumatlary boýunça seýsmiki häsiýetleri” atly temasy boýunça doklat bilen çykyş etdi.

OLIMPIÝA ŞÄHERJIGI –ŞATLYGYŇ MEKANY

       SAGDYNLYK.

                                RUHUBELENTLIK.

                                                                  DOSTLUK.        

            

               OLIMPIÝA ŞÄHERJIGI –ŞATLYGYŇ MEKANY

 

Ministrlikleriň we pudak edaralaryň 2017-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary geçirmegi hakynda” 14989 belgili kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, “Türkmenawtoýollary

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 4-nji noýabryndaky “Ministrlikleriň we pudak edaralaryň 2017-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary geçirmegi hakynda” 14989 belgili kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2017-nji ýylyň 24-26-njy awgustynda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Türkmengurluşyk-2017” atly halkara sergisi we “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahaty geçirilýär.

2017-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik minisrtliginde “Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýylynda gurluşyk we binagärlik ulgamyny ösdürmek” atly okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatynda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-baglag institutynyň “Jaýlaryň we desgalaryň seýsmika çydamlyk” barlaghanasynyň baş hünärmeni Baýrammyrat Annamyradow Ýaponiýa döwletinde geçin okuw tejribe maslaratynda “Seýsmiki gorag we seýsmiki durnukly tilsimler” atly temasy boýunça çykyş etdi.

Şeýle hem “Gidroizolýasiýa we posa garşy gorag” barlaghanasynyň I-derejeli inženeri Toýmyrat Orazow “Türkmenistanyň gurluşyk desgalarynda üçek we gidroizolýasiýada dürlenýän serişdesiniň ulanylşy we tilsimaty” atly temasy boýunça çykyş etdi.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWREBAP SPORT BINAGÄRLIGINIŇ AJAÝYP NUSGASY

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän «açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy gyşarnyksyz ösýär. «Sport – bu güýjüň, gözelligiň, saglygyň we ruhuň ösüşiň belentliklerine tarap ymtylmasynyň beýanydyr» diýip, döwlet baştutanymyz nygtaýar.

Türkministanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag instututy Aşyrowa Laçyn Çarygeldiýewna- «Topraklaryň barlagynyň inžener-geologiýa usullary » barlaghanasynyň müdüri

Türkministanyň  Gurluşyk   we binagärlik   ministrliginiň  Seýsmiki  ýagdaýa  durnukly  gurluşyk  ylmy-barlag  instututy

Aşyrowa Laçyn Çarygeldiýewna-  «Topraklaryň  barlagynyň  inžener-geologiýa  usullary » barlaghanasynyň  müdüri

Türkmenistanyň Döwlet seýsmologiýa seljeriş gullugy we kadalaşdyryjy resminamalar hakyndaky Kanuny   barada

2016-njy ýylyň 27-30-njy sentýabrynda Ýewropanyň Нowpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça guramasy (ÝHHG) tarapyndan gurnalan «Tebigy heläkçilikleriň ýaramaz täsirini peseltmek üçin çäreleriň dolandyrylyşy»

 2016-njy ýylyň 27-30-njy sentýabrynda Ýewropanyň Нowpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça guramasy (ÝHHG) tarapyndan gurnalan «Tebigy heläkçilikleriň ýaramaz täsirini peseltmek üçin çäreleriň dolandyrylyşy» atly seminara Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň işgäri – «Inženerlik seýsmologiýasy» barlaghanasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji – L.A.Agaýewa gatnaşdy.

Gurluşyk senagaty boýunça Halkara sergisi öz işini tamamlady

Aşgabat, 29-njy awgust (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Türkmengurluşyk-2016” halkara sergisi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahat öz işini tamamlady.

ÜZNÜKSIZ SÜÝÜMLERI ÖNDÜRMEK ÜÇIN TÜRKMENISTANYŇ BAZALT MADDASYNYŇ BARLAGY

          Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri hil boýunça täze tapgyra geçmek bilen, ösüşleri gazanýar. Türkmenistan döwletimiz gün-günden gözelleşýär we gülleýär, täze ymaratlardyr toplumlar gurulýar. Paýtagtymyz Aşgabat    şäherinde,    ýurdumyzyň   welaýat   we   etrap   merkezlerinde,   şäherlerinde,şäherçelerde dürli maksatly jaýlar, desgalar, toplumlar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynda 2016-njy ýylyň 25-nji awgust aýynda geçirilen ylmy-tehniki seminarynyň hasabaty

Seýmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynda 2016-njy ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň seýsmika durnukly gurluşygyň ugrunda  ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar  halkara ylmy  taslamasynyň çäklerindäki ylmy seminaryň maksatnamasynyň esasynda, ylmy-tehniki  seminary geçirildi.

Pages